Türkmenistanyň we Gazagystanyň kärdeşler arkalaşyklary birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy boldy
Astana şäherinde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklary birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa Gazagystan Respublikasynyň Kärdeşler arkalaşyklary federasiýasynyň başlygy Satybaldy Dauletin bilen duşuşdy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar işgärleriň zähmet we durmuş-ykdysady hukuklaryny goramak, durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmek, zähmeti goramak, kärdeşler arkalaşyklarynyň bilimini kämilleşdirmek, şeýle hem tejribe alyşmak ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň möhüm netijeleriniň biri iki ýurduň kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, hünär gatnaşyklaryny giňeltmäge we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilen Özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň gol çekilmegi boldy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!