Ammanda geçen Aziýa çempionatynda ildeşimiz kümüş medal gazandy
Ildeşimiz 17 ýaşly karateçi Gurbannazar Amandurdyýew kadetleriň, ýetginjekleriň we 21 ýaşyna ýetmedik türgenleriň arasynda geçirilen 24-nji Aziýa çempionatynda kümüş medala eýe boldy.
Iordaniýanyň paýtagty Ammanda geçen ýaryş 21 ýurtdan 338 türgeni bir ýere jemledi. Ildeşimiz 55 kg çenli agram derejesinde ýetginjekleriň arasyndaky kumite ýaryşlarynda hormat münberiniň ikinji basgançagyna göterildi.
Türgene Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Aýdyň Çaryýew tälim berýär. Durnukly netijeler bilen Gurbannazar Amandurdyýew 2026-njy ýylyň güýzünde Dakarda geçiriljek IV tomusky Ýaşlar Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga esasy dalaşgärleriň hataryna girýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!