| Ashgabat | 29°C
Jemgyýet 11.09.2026, 12:25 4

Zenanlaryň hukuklaryny goramak boýunça trening geçirildi

Zenanlaryň hukuklaryny goramak boýunça trening geçirildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti bilen bilelikde Aýallar barada kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda konwensiýany (CEDAW) hukuk goraýjy edaralaryň işinde ulanmak meselelerine bagyşlanan iki günlük okuw seminaryny gurady.

Seminar 9–10-njy sentýabrda UNFPA-nyň halkara hünärmeni Lori Mannyň onlaýn tertipde ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi.

Seminaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar Konwensiýany durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny, kemsitmezlik baradaky halkara hukuk standartlaryny we kazyýet ulgamynda gender stereotiplerini aradan aýyrmak usullaryny öwrendiler.

Bu çäre Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026–2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň, CEDAW-iň Jemleýji belliklerini ýerine ýetirmek boýunça Ýol kartasynyň hem-de UNFPA bilen Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň arasyndaky bilelikdäki iş meýilnamasynyň çäklerinde gurnaldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!