| Ashgabat | 32°C
Syýasat 16.09.2026, 11:25 2

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Фото: https://tdh.gov.tm/

Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonuň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Koreýanyň Prezidenti Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan edip, koreý-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ägirt uly goşandyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmäge gönükdirilendigini, geçirilen gepleşikleriň bolsa iki döwletiň özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklaýandygyny aýtdy. Şeýle hem türkmen tarapynyň saparyň netijelerine ýokary baha berýändigini nygtady.

Şeýle-de iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy geçirildi.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda maýa goýumlary höweslendirmek we goramak, gümrük meselelerinde hyzmatdaşlyk, himiýa senagaty, suw serişdelerini dolandyrmak, ýaşlar syýasaty, intellektual eýeçilik, hukuk we ýustisiýa, transmilli guramaçylykly jenaýatlara garşy göreş, polisiýa hyzmatdaşlygy, infrastruktura, demir ýol ulaglary, şeýle hem tokaýlary sanly görnüşde dikeltmek we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugurlary boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamalar we ylalaşyklar bar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!