| Ashgabat | 34°C
Syýasat 17.09.2026, 12:06 4

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy

Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýyl ýazgysynda taryhy sahypany açýan «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy.

Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň ählumumy özgerýän şertlerinde bu sammitiň geçirilmegi Merkezi Aziýa sebitiniň dünýäniň geosyýasy we geoykdysady ulgamynda barha artýan ornuny görkezýär.

Ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibi köpugurly hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmaga gönükdirilen meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar.

Döwlet Baştutanlary Ýewraziýa giňişliginde ulag-logistika geçelgelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, energetika durnuklylygyny üpjün etmek, senagat kooperasiýasyny giňeltmek, ýokary tehnologiýalary alyşmak, ekologiýa ulgamynda bilelikdäki çäreleri durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Sebitde ykdysady-energetika merkezleriniň biri we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş edýän Türkmenistana bu dialogda aýratyn orun degişlidir. Ýurdumiziň hemişelik Bitaraplyk, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty sebitara integrasiýa kuwwatly itergi berýär.

Sammitiň dowamynda döwlet Baştutanlary hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna hemmetaraplaýyn baha berip, özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlärler hem-de bu ugurlary durmuşa geçirmegiň bitewi gurallaryny işläp taýýarlarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýona myhmansöýerlik, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesi we bilelikde işlemäge döredilen şertler üçin minnetdarlygyny bildirdi. Şeýle hem bu duşuşygyň Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň binýadyny goýýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynda geologiýa, mineral serişdeleri gaýtadan işlemek, energetika ulgamynda, şol sanda «ýaşyl» energetikada bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, öňdebaryjy koreý tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, multimodal ulag geçelgelerini döretmek we sebitiň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!