Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gutlag iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Singapur Respublikasynyň Prezidenti jenap Tarman Şanmugaratnama, Premýer-ministri Lourens Wonga we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Singapur Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Prezident Tarman Şanmugaratnama hem-de Premýer-ministr Lourens Wonga tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Singapur Respublikasynyň halkyna bolsa gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!