Ermenistanyň Premýer-ministri ýurdumyza iş saparyny amala aşyrar
Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan ýakyn wagtda Türkmenistana iş sapary bilen geler.
Bu barada Ermenistanyň Aşgabatdaky ilçisi Arsen Awagýan ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli guralan kabul edişlikde habar berdi.
Onuň sözlerine görä, sapar iki ýurduň arasyndaky syýasy gepleşikleri dowam etdirmek we amaly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döreder.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýerewana jogap saparyna garaşylýar. Bu sapar 2026-njy ýylda Ermenistanda geçiriljek BMG-niň Biologik köpdürlülik hakynda konwensiýanyň Taraplarynyň 17-nji maslahatyna (COP17) gabatlanyp amala aşyrylar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!