Türkmenistanyň resmileri we halky Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutladylar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna doglan güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar.
Gutlag hatlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň öňde belent maksatlary goýup, döwlet ösüşinde we dünýäniň syýasy giňişliginde uly üstünlikleri gazanýandygy bellenilýär.
Hatlary iberenler döwlet Baştutanyny doglan güni bilen mähirli gutlaýarlar hem-de tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, halkyň bagtyýarlygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.
Türkmenistanyň Prezidentini Mejlisiň deputatlarynyň adyndan D.Gulmanowa mähirli gutlady. Döwlet Baştutanyna şanly waka mynasybetli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Agajanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, B.Annaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Mämmedow, B.Seýidowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Türkmenistanyň Prezidentini Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutanyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow mähirli gutlaglaryny iberdiler.
Türkmenistanyň Prezidentini ýurduň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy tüýs ýürekden gutladylar.
Türkmenistanyň Prezidentine ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Şeýle hem döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gutlag hatlaryny iberdiler.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!