Türkmenistanyň wekilleri I Merkezi Aziýa talyplar sport forumyna gatnaşarlar
Şu ýylyň 29-njy sentýabry — 2-nji oktýabry aralygynda Özbegistanda I Merkezi Aziýa talyplar sport forumy geçiriler. Oňa Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşarlar.
Özbegistanyň Milli habarlar agentliginiň habar bermegine görä, çäre Halkara Uniwersitet Sport Federasiýasynyň (FISU) Prezidenti Leonz Ederiň Daşkende saparynyň çäklerinde guralar. Foruma FISU-nyň ýolbaşçylary bilen bir hatarda, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň talyplar sport federasiýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Forumyň esasy maksady talyplar sportuny ösdürmek boýunça toplanan tejribeleri halkara derejede giňden ýaýratmakdan, ulgamdaky derwaýys meseleleri maslahatlaşmakdan hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!