Awokado ýürek üçin peýdalymy?
Alymlaryň bellemegine görä, awokado ýürek saglygyny goraýar, iýmit siňdirişini gowulandyrýar we bedene zerur bolan peýdaly ýaglary hem-de witaminleri berýär.
Düzümindäki doýgun bolmadyk ýaglar sebäpli zyýanly holesteriniň derejesini peseldýär we ýürek-damar ulgamyny goraýar.
Awokado K, C, E, B6 witaminlerine, foliy kislotasyna we kaliýe örän baýdyr. Ýokary kletçatka düzümi sebäpli aşgazan-içege ulgamynyň kadaly işlemegine kömek edýär.
Düzümindäki lýutein we zeaksantin antioksidantlary gözüň görüjiligini gowulandyrmaga kömek edýär. E witamini bolsa derini çyglandyrýar we onuň ýaşlygyny saklamaga ýardam berýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!