Balyň uzak wagtlap saklanmagynyň sebäbi namede?
Bal pes çyglylygy, ýokary kislotalylygy we düzümindäki wodorod peroksidi sebäpli zaýalanman uzak wagtlap saklanyp bilýär. Bu häsiýetler bakteriýalaryň we mikroblaryň köpelmegine päsgel berýär.
Balda diňe 17-18 göterim töweregi suw bar. Pes çyglylyk mikrob we bakteriýalaryň ýaşamagy üçin zerur bolan çygly gurşawy aradan aýyrýar. Bal arysy nektary ýygnanda öz fermentlerin goşýar. Bu ferment balyň düzüminde mikroblary öldürýän wodorod peroksidini öndürýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!