| Ashgabat | 30°C
Saglyk 11.09.2026, 17:21 3

Örän gyzgyn içgiler gyzylödege zyýan ýetirip biler we rak keseliniň töwekgelçiligini artdyryp biler

Örän gyzgyn içgiler gyzylödege zyýan ýetirip biler we rak keseliniň töwekgelçiligini artdyryp biler

Örän gyzgyn suwuklyklar gyzylödegiň içki ýüzündäki öýjükere zyýan ýetirip biler. Beýik Britaniýada geçirilen bir barlaga görä, çaý we kofe ýaly içgileri yzygiderli örän gyzgyn içmek, gyzylödek raky hökmünde bilinýän ezofagus raky töwekgelçiligini artdyrýar.

Barlagda içgilerini örän gyzgyn içýän adamlaryň, çaýy has gyzgyn ýa-da kofe içýänlere ezofagus (gyzylödegiň rak keseli) rak keseliniň bu görnüşine uçramak töwekgelçiliginiň takmynan üç essä golaý ýokarydygy anyklanyldy.

"International Journal of Cancer" žurnalynda çap edilen Oksford Uniwersitetiniň barlagy, 65 gradus ýokary temperaturadaky ähli içgileri örän gyzgyn we ähtimal töwekgelçilik göterýän içgiler hökmünde kesgitleýär. Barlagda öwrenilen 977 müň 282 orta ýaşly erkek we zenanlardan alnan maglumatlara görä, gününe alty bulgur ýa-da оndanam köp gyzgyn içgi içmek hem töwekgelçiligi artdyrýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!