Ýer gabygynyň ýukalyp barýan zolagy tapyldy
Alymlar Gündogar Afrika rift ulgamynyň bir bölegi bolan Keniýanyň demirgazyk böleginde ýerleşýän Turkana zolagynda ýer gabygynyň işjeň ýukalma alamatlaryny tapdy.
Bu ýerde kristal gabyk rift okunyň uzaboýuna ýukalyp, häzirki ýagdaýda onuň galyňlygy 12,7 kilometre barabardyr. Barlaglara görä, Turkana zolagynda ýer gabygynyň bogaz şekilli işjeň ýukalmasy takmynan 4 million ýyl mundan ozal başlapdyr.
Üýtgeşme birnäçe esasy jaýryklaryň ugrunda jemlenipdir, onuň dartylyş tizligi bolsa ýokarlanypdyr. Şors jaýrygy ulgamynda ol ortaça ýylda takmynan 1,2 mm, Lapur jaýrygy boýunça bolsa ýylda takmynan 0,55 mm boldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!