Kitap okamak nähili derejede peýdaly?
Kembrij uniwersitetiniň barlagçylary tarapyndan geçirilen täze bir barlag, okamagyň has gowy üns we ýatkeşlik, ruhy saglyk meseleleriniň az duş gelmegi we has sagdyn durmuş ýörelgesi bilen baglanyşyklydygyny görkezdi.
Kembrij uniwersitetiniň professory we bu barlag işiniň esasy awtory Barbara Sahakian şeýle diýýär: “Okamak — beýni saglygyny saklamagyň, başarnyklary ösdürmegiň we abadançylygymyzy ýokarlandyrmagyň ajaýyp usulydyr.”
Ýaşlar üçin okamagyň peýdalydygyny görkezýän subutnamalaryň köpelýändigine garamazdan, Ýewropada kitap okaýan çagalaryň we mekdep okuwçylarynyň umumy sany azalýar.
Kitap okamak diňe bir bilimi artdyrman, eýsem fiziki we ruhy saglyga hem uly peýda berýär.
6 minutlap kitap okamak hem durnuksyzlygy we dartgynlylygy 68%-e çenli peseldip, arterial gan basyşyny we ýürek urşuny kadalaşdyrýar.
Ýatmazdan öň kagyz kitap okamak beýnä dynç almak wagtynyň gelendigini duýdurýar we ukynyň rahatlygyny artdyrýar.
Çeper eserleri okamak başga adamlaryň duýgularyna we pikirlerine düşünmek ukybyny artdyryp, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam edýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!