| Ashgabat | 20°C
Gyzykly maglumat 31.10.2026, 12:17 4

Möýler hem uklaýarmy?!

Möýler hem uklaýarmy?!

Alymlar möýleriň hem çuňňur dynç alyş tapgyrynyň, ýagny ynsanlardaky ýaly uklamak ukybynyň bardygyny ýüze çykardylar. Bu täsin ýagdaý gözleriň hereket etmegi we aýaklaryň ýygrylmagy arkaly ýüze çykdy. Awstraliýaly hünärmenler Kwinslendiň tropiki tokaýlarynda duş gelýän Portia fimbriata atly böküji möýleriň üstünde synag geçirdiler.

Ýörite infragyzyl enjamlaryň kömegi bilen jandarlaryň gijeki ukusy yzarlanyp, olaryň dynç alýan wagty iki esasy tapgyra bölünýändigi — uzak wagtlap hereketsiz durmak, şeýle hem gözleriň we aýaklaryň hereketlenmegi ýüze çykaryldy. Oýandyryş sesleri berlen ýagdaýynda, adaty dynç alyşdaky möýler çalt oýanýan bolsalar, aýaklary ýygrylyp ýatan pursatyndaky möýler daş-töwerege has haýal reaksiýa bildirdiler.

Gijeki dynç alyşy ýörite siňekler arkaly bozulanda, möýleriň ukusy ozalkydan hem uzalyp, bu tapgyryň dowamlylygy ep-esli ýokarlandy. Alymlar munuň möýlerde ukynyň içki mehanizmler arkaly kadalaşýandygyny görkezýändigini, ýöne olaryň düýş görüp-görmeýändigi baradaky meseläniň entäk doly öwrenilmändigini bellediler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!

Şeýle hem okaň
03
Testler barada
Gyzykly maglumat