Dinozawrlar döwrüniň çekiji tapyldy
Birbada göräýmäge london çekiji demir kellesi we agaç sapynyň galyndylary bolan düýbünden adaty çekiç ýaly görünýär. Ýöne bir zat — guralyň daşyň içinde ýerleşmegi haýran galdyrýar.
Bar bolan maglumatlara görä, çekiç 1930-njy ýyllarda Tehas ştatynyň London şäheriniň golaýynda tapyldy. Red-Krik obasynyň golaýynda Maks we Emma Han gowşak jynsyň içinden çykyp duran agaç bölegini gördi. Daşy döwenlerinde, onuň içinde çekijiň kellesi bardy.
Häzirki günde hakyky artefakt Tehas ştatynyň Glen-Rouz şäherindäki Dörediliş subutnamalary muzeýinde saklanýar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!