Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli hepdeligi başlandy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň umumy syýasy pikir alyşmalary sişenbe güni badalga aldy.
Umumy pikir alyşmalar 22–26-njy sentýabr aralygynda geçiriler hem-de 28-nji sentýabrda jemlener. Olarda 193 agza-döwletiň, synçy-döwletleriň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri nobatma-nobat çykyş edip, möhüm syýasy meseleler boýunça öz pikirlerini beýan ederler.
81-nji sessiýanyň mowzugy «Ynamy dikeltmek, özgerişlikleri dolandyrmak: hemmeleriň abadançylygy üçin işleýän BMG» diýlip kesgitlendi.
Sessiýa Bangladeşiň DIM-niň başlygy Halilur Rahman başlyklyk edýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!