| Ashgabat | 32°C
Syýasat 22.09.2026, 18:42 1

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi. Bellenilişi ýaly, Özbegistanyň döwlet Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we döwlet işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Özbegistanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa özüniň mähirli salamyny ýollady. Türkmenistanyň Prezidenti, öz gezeginde, Özbegistanyň döwlet Baştutanyna türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi. Haryt dolanyşygynyň möçberiniň durnukly ösýändigi, energetika, ulag we beýleki möhüm ulgamlarda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!