CoinEx kriptobiržasy indi işini bes eder
CoinEx kriptowalýuta biržasy işini tapgyrlaýyn bes etjekdigini mälim etdi.
Biržanyň ýaýradan beýanatyna görä, serişdeleri hasaplardan çykarmak hyzmaty 2026-njy ýylyň 22-nji dekabryna çenli elýeterli bolar.
15-nji sentýabrdan CoinEx täze ulanyjylary hasaba almagyny we maslahat üçin berilýän sylag töleglerini bes etdi.
22-nji sentýabrda söwda bilen bagly bolmadyk ähli spot hyzmatlary, şol sanda fýuçers söwdasy togtadylar.
29-njy sentýabrda bolsa birža spot söwdasyny doly bes eder.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!