| Ashgabat | 33°C
Tehnologiýalar 18.09.2026, 14:08 5

Indi Xiaomi-niň kamerasy doly garaňkylykda hem ýazgy edip bilýär

Indi Xiaomi-niň kamerasy doly garaňkylykda hem ýazgy edip bilýär

Xiaomi Smart Camera 5 Pro Full-Color Night Vision öý kamerasyny tanyşdyrdy. Ol doly garaňkylykda hem reňkli wideo ýazyp bilýär.

Enjam iki sany obýektiw, 4K formatda wideoýazgy, ýerli emeli aň we takmynan 360° aýlanýan mehanizm bilen enjamlaşdyryldy.

Reňkli gijeki şekili iki sany 8 we 4 megapiksel sensor, ýokarlandyrylan ýagtylyk duýgurlygy, ýumşak yşyklandyryş we şekili işlemek algoritmleri üpjün edýär.

Kamera üznüksiz wideoýazgyny, adamlary tanamagy we aýratyn wakalary ýazga almagy başarýar.

Hasaplaýyş kuwwaty 1,5 TOPS-a çenli bolan ýerli emeli aň maglumatlaryň bir bölegini göni enjamyň özünde seljermäge mümkinçilik berýär.

Kamera adamlary we öý haýwanlaryny tanap bilýär, hatda çaganyň agysyna hem seslenýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!