Gemoglobiniň derejesini nädip ýokarlandyrmaly
Gemoglobiniň derejesiniň peselmegi dowamly ýadawlyk, ýygy-ýygydan sowuklama we umumy gowşaklyk ýaly ýagdaýlara getirýär.
Bu ýaramaz alamatlaryň we olar bilen baglanyşykly saglyk meseleleriniň öňüni almak üçin gemoglobiniň derejesini ýokarlandyrmak maslahat berilýär.
Gemoglobiniň düzüminiň 80 göterime golaýy demirden ybaratdyr. Gan akymy arkaly daşalýan kislorod bedeniň ähli dokumalarynyň we agzalarynyň dogry işlemegini üpjün edýär.
Gemoglobiniň derejesi peselende, elleriň we aýaklaryň uçlary sowuk duýulýar, ýüzüň reňki solýar we deri gurap başlaýar.
Adaty sowuklama ýa-da dümew ýaly kesellerde hem gemoglobiniň derejesi tebigy ýagdaýda peselip biler.
Ganazlygyň ýüze çykmak howpy, esasanam, aýallarda, ýaşulularda we böwrek, öýken ýa-da bagyr kesellerinden ejir çekýän adamlarda ýokarydyr.
Demir — gemoglobin derejesini ýokarlandyrmak üçin esasy elementdir.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!