| Ashgabat | 34°C
Gyzykly maglumat 21.09.2026, 14:14 1

Jony adyny üýtgetdi

Jony adyny üýtgetdi

Asly azerbaýjan bolan russiýaly aýdymçy JONY pasport maglumatlaryny üýtgetdi. Indi artistiň resminamalarynda Jahid Afrail adynyň deregine Massimo Torriçelli diýlip görkezilýär.

Aýdymçynyň doglan wagtyndaky ady — Jahid Afrail ogly Guseýnli. Ol Azerbaýjanda doguldy, dört ýaşyndan bäri bolsa Russiýada ýaşaýar.

2021-nji ýylda JONY «НТВ» kanalyndaky «Maska» şüweleňiniň ikinji möwsüminiň ýeňijisi boldy. Aýdymça uly meşhurlygy «Комета», «Ты беспощадна» we 2020-nji ýylda EMIN (Emin Agalarow) bilen bilelikde ýazylan «Камин» aýdymlary getirdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!