| Ashgabat | 24°C
Gyzykly maglumat 05.11.2026, 13:04 6

Mikrotolkunly pejiň taryhy barada bilýärdiňizmi?!

Mikrotolkunly pejiň taryhy barada bilýärdiňizmi?!

Mikrotolkunly pejiň oýlanyp tapylmagy tötänlik netijesinde bolup geçipdir. 1945-nji ýylda amerikaly inžener Persi Spenser (Percy Spencer) «Raytheon» kompaniýasynda harby maksatlar üçin ulanylýan magnetronlar arkaly gözleg alyp barýardy. Gözleg wagtynda Spenser işleýän magnetronyň ýanynda durka, jübüsindäki şokoladyň ereýändigini duýýar. Bu ýagdaý onuň ünsüni çekýär we ol derrew synag geçirmäge başlaýar.

Ilki bilen, ol mekgejöwen dänelerini magnetronyň ýanyna goýýar — olar derrew ýarylyp, patraga öwrülip başlaýar. Ikinji gezek ýumurtgany goýýar — gyzgynyň täsirinden ýumurtganyň içinde basyş ýokarlanyp, ol synag geçirýän inženeriň ýüzüne partlaýar.

Şol wagt Spenser ýokary ýygylykly mikrotolkunlaryň iýmit önümlerini çalt gyzdyryp bilýändigine göz ýetirýär. 1947-nji ýylda «Raytheon» kompaniýasy tarapyndan ilkinji mikrotolkunly peç öndürilýär. Ol «Radarange» diýlip atlandyrylýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!

Şeýle hem okaň
02
Möýler hem uklaýarmy?!
Gyzykly maglumat