Gargalaryň beýleki guşlardan aýratynlygy
Gargalaryň bedeniniň göwrümine görä beýnisiniň agramy we ondaky neýronlaryň sany beýleki köp guşlaryňkydan has ýokarydyr. Olaryň beýnisiniň işjeňligi käbir ugurlarda ýokary derejede ösen süýdemdirijileriňkä meňzeýär. Köp guşlar gurallary diňe tebigy ýagdaýda ulanyp bilýän bolsa, gargalar iýmit tapmak üçin agaç çybyklaryny ýonup, ownuk böleklerden özlerine gerekli gurallary ýasap bilýärler.
Gargalar adamlaryň ýüzlerini örän gowy ýatda saklaýarlar. Olara erbetlik eden ýa-da zyýan ýetiren adamy ýyllar geçse-de tanap, beýleki adamlaryň arasyndan saýgaryp bilýärler. Üstesine, şeýle «howply adam» barada beýleki gargalara hem duýduryş berip bilýärler.
Gargalaryň pikirleniş we maglumatlary işläp taýýarlamak ukyby käbir meselelerde 7 ýaşly çaganyň pikirlenişine meňzedilýär. Olar käbir fiziki kanunalaýyklyklara düşünip, meselem, suwuň derejesini ýokarlandyrmak üçin içine daş taşlamalydygyny ýa-da agyrlygyň täsirini anyklap bilýärler. Suwly gaba daş taşlap, suwuň derejesini ýokarlandyrmak we onuň ýüzündäki iýmiti almak ýaly işleri başarýarlar. Şeýle hem gargalaryň aýnadaky öz keşbini tanamak ukybynyň bardygy barada pikirler öňe sürülýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!