| Ashgabat | 33°C
Jemgyýet 21.09.2026, 11:42 6

Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy

Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde bolup, behişdi bedewler üçin döredilen mümkinçilikler we olary ösdürip ýetişdirmegiň ugurlary boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz ady rowaýata öwrülen we Türkmenistanyň tugrasynda orun alan Ýanardagyň hormatyna gurlan binanyň ýanyna geldi.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Hajymyradow bu ýoluň gurluş aýratynlyklary, onuň her bir tapgyrynyň gurluşygynyň halkara görkezijilere laýyk derejede ýerine ýetirilendigi, aýlawly ýoluň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyş derejesi barada giňişleýin maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, ýol ýokary görkezijilere doly laýyk gelip, onuň gurluşygynda daş düşemek, tekizlemek, ýoluň gatlaryny dykyzlandyrmak işleri häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda ýerine ýetirildi.

Soňra Milli Liderimiz «Ýanardag» binasynyň daşyndan aýlaw etdi. Täze ýoluň yşyklandyryş ulgamy häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda, täzeçil tehnologiýalar esasynda enjamlaşdyrylypdyr. Ýol gurluşygynda öňdebaryjy tejribeleriň ulanylmagyna, onuň gönüligine we tekizligine aýratyn ähmiýet berlipdir. Soňra ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Milli Liderimiz atyň taýçanaklykdan belent başly bedewe öwrülen şekilini janlandyrýan «Atly aýlaw» halkalaýyn ýolunyň deňine geldi. Aýlawly ýoluň abadançylygy, ýol ýakalarynyň döwrebaplaşdyrylyşy, bu künjegiň yşyklandyryş ulgamynyň aýratynlyklary barada Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow maglumat berdi.

Gahryman Arkadagymyz ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilmegi, olaryň bu künjegiň gözelligine gözellik goşmak bilen bir hatarda, ynsan ruhuny belende götermekde ähmiýetlidigini belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi. Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy ýoluny dowam edip, düýpli döwrebaplaşdyrylan, täzeden gurlan Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi. Toplumyň çäginde oturdylan şekilleriň özboluşly görnüşini özünde jemleýän Ýer togalagy we onuň üstünde ýerleşdirilen taýçanak onuň esasy aýratynlygydyr. Bu ýerde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew heýkeliň özboluşly aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Bedewleriň tebigat bilen sazlaşygyny görkezýän şekilde sebitde ilkinji gezek Ýer togalagynyň kebelek şekillerinden ybarat binýadynyň bolmagynda çuňňur many bar. Kebelek dünýä halklarynda, şol sanda türkmenlerde kalbyň açyklygynyň, täzeden döreýşiň, söýginiň, gözelligiň, erkinligiň we asudalygyň nyşany hasaplanýar. Şoňa görä, şekilde kebelegiň durmuşdaky kynçylyklary ýeňip geçmegiň, ösüşiň we tebigy sazlaşygyň ugurlary öz beýanyny tapýar. Kebelekleriň ganatlary bolsa erkinligi, durmuş ajaýyplygyny, nepisligi alamatlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyz bu şekiliň özboluşly usulda taýýarlanylyşyna ýokary baha berdi. Munuň özi türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrülen bedewiň taýçanagynyň dünýäniň depesine çykyp, halkara giňişlikde ajaýyplygyň nusgasy hökmünde ykrar edilýändigini özboluşly usulda beýan edýär.

Bu ýerde dünýäde ilkinji gezek atlar üçin niýetlenen fotostudiýanyň göz öňünde tutulandygyny hem bellemek gerek. Onda ýylyň dört paslyny alamatlandyrýan görnüşler atlar bilen surata düşjeklerde aýratyn täsir galdyrar. Ýörite bölümde Hazar deňziniň şekili bolup, onda häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalary arkaly bedewiň deňziň gyrasynda duran şekilini janlandyrmak mümkinçiligi üpjün edilipdir. Kenar ýakasynda peýwagtyna gezelenç edýän bedew bilen surata düşmek adamlarda ýakymly ýatlamalary döreder.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda idedilýän bedewleriň ot-iým üpjünçiliginiň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy nazara alnyp, bu ýerde atlar üçin iýmitleri ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen ýer bölekleri berildi. Onda atlaryň iýmit birliginde zerur hasaplanýan käşir, alma baglary ýetişdirilýär. Milli Liderimiz käşir ýetişdirilýän meýdanyň ýanyna geldi. Bu ýerde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow toplumyň çäginde atlar üçin ot-iýmlik ekinleriň ösdürilip ýetişdirilýändigi, şu ýyl käşiriň hem-de almanyň ýerli görnüşleriniň bol hasylynyň kemala getirilendigi barada maglumat berdi.

Şol pursatda açyk ýataga çykarylan bedewleriň joşguny has-da artdy. Ynsan gylykly nurana bedewler giň ýatagyň içinde ikiýana çapdylar. Olaryň hyjuwynda, joşgunynda ýurdumyzyň okgunly ösüşi, ynsan bilen bedewiň arabaglanyşygy öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň akylly bedewi özüne bildirilýän hormaty duýýan mysaly has-da joş aldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz meýilleşdirilen çäreleri we kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!