Gündelik kädi çigidi bilen hurma bedeni magniý, demir we sink bilen üpjün edýär
Hurma we kädi çigidi adamyň saglygyna diňe bir energiýa bermän, eýsem immuniteti, iýmit siňdiriş ulgamyny we ýürek saglygyny berkitmekde peýdalydyr.
Düzümindäki tebigy şekerler sebäpli bedene çalt we netijeli energiýa berýär. Aşgazan-içege ulgamynyň kadaly işlemegine we iç gatamagynyň öňüni almaga kömek edýär.
Düzümindäki kaliý we magniý gan basyşyny kadalaşdyrmaga, demir bolsa gan azlygynyň öňüni almaga ýardam berýär.
Kädi çigidi hem süňkleri berkitmäge, immuniteti ýokarlandyrmaga we deriniň, saçyň saglygyny saklamaga kömek edýär.
Düzümindäki triptofan aminokislotasy uky hilini gowulandyrýar we nerw ulgamyny rahatlandyrýar. Zink we antioksidantlara baý bolan kädi çigidi garrylyk öýjüklerine garşy göreşmäge hem-de erkeklerde prostata saglygyny goldamaga kömek edýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!