| Ashgabat | 32°C
Sport 23.09.2026, 18:52 4

Maksatmyrat Daňatarowyň ekipažy ralli-reýdde ýeňiji boldy

Maksatmyrat Daňatarowyň ekipažy ralli-reýdde ýeňiji boldy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ralli-reýdde Maksatmyrat Daňatarowyň dolandyran «Nissan Patrol» awtoulagyndaky ekipažy ýeňiş gazandy.

Ýaryşa jemi dokuz sany sport awtoulagy gatnaşdy. Ýaryşda ikinji orny Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň toparynyň beýleki bir ekipažy Meýlis Abdyllaýew eýeledi. Ol «Nissan Patrol» awtoulagyny dolandyrdy.

Üçünji orun bolsa Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginden Çaryýar Çaryýarowyň dolandyran «Toyota Hilux» awtoulagyndaky ekipažyna degişli boldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!