Ýurdumyzyň wekiliýeti Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň 70-nji Baş konferensiýasyna gatnaşdy
Wena şäherinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Owezowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Wena şäherinde geçirilen Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Baş konferensiýasynyň 70-nji nobatdaky sessiýasyna gatnaşdy.
Türkmenistan ýadro ýaraglarynyň ýaýradylmazlygy, ýadro we radiasiýa howpsuzlygy, şeýle hem ýadro ylmynyň we tehnologiýalarynyň parahatçylykly maksatlar üçin ulanylmagy ýörelgelerine ygrarlydygyny nygtady.
Saglygy goraýyş ulgamyndaky, şol sanda onkologik keselleri anyklamak we bejermek boýunça hyzmatdaşlyga, şeýle hem Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Aşgabatdaky Halkara ylmy-kliniki onkologiýa merkezine berýän goldawyna aýratyn üns berildi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!