Bloomberg iň gowy biznes mekdepleri sanady
Stenford ýokary biznes mekdebi, «Bloomberg Businessweek» neşiriniň wersiýasy boýunça, ABŞ-nyň iň gowy biznes mekdepleriniň reýtinginde yzygiderli sekizinji gezek birinji orny eýeledi.
Baha bermeleriň netijeleri boýunça Bloomberg Businessweek 2026/27 global reýtingine, esasan, iňlis dilinde okuw alyp barýan we dünýäniň dört sebitinde (ABŞ, Kanada, Aziýa-Ýuwaş umman sebiti, Ýewropa we Ýakyn Gündogar) ýerleşýän 98 biznes mekdebi girdi.
Reýtingi düzenler üçin şu ýyl esasy temalaryň biri generatiw emeli aňyň bilime, mugallymlaryň we talyplaryň işine hem-de uçurymlaryň geljekki mümkinçiliklerine ýetirýän täsiri boldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!