Toyota ulaglary indi surata düşürip biler
Toyota sürüjiniň ünsüni ýoldan sowmazdan, ony gyzyklandyrýan obýektleri surata düşürmäge mümkinçilik berýän ulgamy patentleşdirdi.
Sürüjiniň ünsüni yzarlaýan awtomobil kameralary onuň kellesiniň duruş ýagdaýyny we seredýän ugruny kesgitleýär. Soňra ulgam alnan wektory daşky kameranyň ugry bilen deňeşdirýär hem-de ýoldaky ýa-da ýol gyrasyndaky haýsy obýektiň sürüjiniň ünsüni özüne çekendigini kesgitleýär.
Surata düşürmek sesli buýruk ýa-da düwmäni basmak arkaly amala aşyrylýar. Şondan soň fotosurat birikdirilen el telefona, meselem, smartfona iberilýär.
Toyota bu tehnologiýany sürüş wagtynda ünsüň sowulmagyny azaltmagyň hem-de hereket wagtynda aýratyn enjamlary ulanmak zerurlygyndan ýüz öwürmegiň çäresi hökmünde hödürleýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!