Amerikaly alymlar düwnük keselini lazer arkaly bejermek usulyny synagdan geçirýärler
Amerikaly alymlar aşgazanasty mäziň rak keselini bejermegiň täze usulyny — gan damarlaryna gönükdirilen fotodinamiki bejergini adamlarda synagdan geçirdiler.
Bu usul çişiň iri gan damarlarynyň golaýynda ýerleşýändigi sebäpli, adaty operasiýa arkaly aýryp bolmaýan näsaglar üçin niýetlenendir.
Usul häzirlikçe az sanly näsagyň gatnaşmagynda synagdan geçirildi. Alty näsag bejergi aldy. Olaryň dördüsinde geçirilen amaldan soň lukmanlar operasiýa edip, çişiň galan bölegini hem aýyrmagy başardylar.
Iň möhüm netijeleriň biri bolsa, şol näsaglaryň üçüsinde operasiýadan soň çişiň töweregindäki dokumalarda rak öýjükleriniň ýüze çykarylmandygydyr.
Amaldan soň näsaglar üç günläp garaňky ýerde saklanylmaly. Sebäbi padeliporfin deriniň ýagtylyga bolan duýgurlygyny ýokarlandyrýar. Bu bolsa gün şöhlesiniň we güýçli yşygyň täsiri bilen deride ýanyklaryň döremegine sebäp bolup biler.
Şeýle çemeleşmäniň öň giňden ulanylmazlygynyň esasy sebäpleriniň biri hem şundan ybaratdyr.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!