| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 03.08.2026, 18:42 12

Ähli zat çagalar üçin

Ähli zat çagalar üçin

19–22-nji awgustda aralygynda “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler.

Bu geçiriljek çäre çagalar üçin önümler we hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan kompaniýalar, öndürijiler, üpjün edijiler, paýlaýjylar, bilim edaralary hem-de pudagyň hünärmenleri üçin özara tejribe alyşmak we täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin möhüm meýdança bolar.

Serginiň dowamynda gatnaşyjylar çagalara niýetlenen dürli önümleri we hyzmatlary, innowasion önümleri hödürlärler.

“Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasy gatnaşyjylara täze hyzmatdaşlary tapmak hem-de bazaryň täze ugurlary bilen tanyşmak üçin giň mümkinçilikleri döreder.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!