| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 04.08.2026, 11:07 9

Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde halkara hukugy we BMG-niň Tertipnamasy boýunça ýörite okuw sapaklarynyň girizilmegi meýilleşdirilýär

Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde halkara hukugy we BMG-niň Tertipnamasy boýunça ýörite okuw sapaklarynyň girizilmegi meýilleşdirilýär

Türkmenistanda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen giň gerimli bilim maksatnamasy hereket edip başlar.

Bu başlangyç ýaş nesliň halkara hukugynyň esaslaryny we BMG-niň iş mehanizmlerini çuňňur öwrenmegine gönükdirilendir.

Ýurdimiziň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy hem-de Milletler Bileleşiginiň halkara hukuk ulgamyny berkitmek ugrunda alyp barýan işleri barada ýörite okuw sapaklary, açyk leksiýalary we duşuşyklary guralar.

Milli we halkara bilermenleriň gatnaşmagynda halkara hukugy boýunça okuw, ylmy-usulyýet we maglumat gollanmalaryny neşir etmek, elektron bilim serişdelerini emele getirmek göz öňünde tutulýar.

«Halkara hukuk hepdeligini», BMG-niň işini nusgalaşdyrýan okuw maslahatlaryny we ýaşlaryň arasynda halkara hukugynyň möhüm meseleleri boýunça ylmy işleriň, makalalaryň we düzme ýazmak boýunça bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!