Ýurdumyzda mekdep bazarlary işläp başlady
1-nji awgustdan başlap Türkmenistanda täze okuw ýylynyň ýetip gelmegi bilen mekdep bazarlary işläp başlady.
Şu ýyl Aşgabadyň çäginde mekdep harytlarynyň göçme söwdasyny amala aşyrýan nokatlaryň 60-a golaýyny gurnamak meýilleşdirildi.
Munuň özi ilatyň bölek söwda hyzmatlaryndan netijeli peýdalanmagy, zerur harytlary bir ýerden, amatly görnüşde satyn almagy ugrunda döwlet tarapyndan edilýän uly aladalaryň ýene-de bir görkezijisidir.
Bu barada “Türkmenistan” gazetinde çap edilen makalada haabr berilýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!