| Ashgabat | 28°C
Syýasat 01.08.2026, 15:09 14

Türkmenistanyň Mejlisinde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişeli utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişeli utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda milli Parlamentiň ýolbaşçysy Sýaoszýun Greýs Wany Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine bellenilmegi mynasybetli gutlady hem-de Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça jogapkärli diplomatik wezipesinde alyp barjak işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Duşuşykda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisinde Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek barada öňe süren başlangyjynyň goldanylmagynyň bütin dünýäde halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmakda, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny hem-de umumadamzat bähbitlerinde dünýä döwletleriniň tagallalarynyň birleşdirilmegine oňyn itergi berjekdigi nygtaldy.

Ýurdumiziň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmäge hem-de daşky gurşawy goramaga gönükdirilen möhüm başlangyçlarynyň ähmiýetine üns çekildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wany ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Halkara zenanlar dialogyna hem-de demografiýa meseleleri boýunça maslahata hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!