Balkanabat şäherinde kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlar gurlar
Balkanabat şäher häkimligi Balkanabat şäheriniň çäginde isleg bildirýän raýatlar üçin 1 we 2 gatly, kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň taslamasyny işläp taýýarlamak we gurmak boýunça potratçylary seçip-saýlap almak üçin bäsleşik yglan etdi.
Isleg bildirýänler degişli resminamalary Balkanabat şäher häkimliginiň senagat, gurluşyk we jemagat hojalygynyň işlerini utgaşdyryjy bölüminden alyp bilerler.
Bäsleşik teklipli bukjalar 21-nji awgusta çenli ýapyk bukjalarda kabul ediler.
Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgisine jaň edip bilersiňiz!
+993 (222) 6-00-76
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!