Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýär
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Çäre şu ýylyň 18-nji awgustynda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Watan köçesiniň 1-nji jaýynda ýerleşýän Ak bugdaý etrap häkimliginiň edara binasynyň 1-nji gatynda ýerleşýän kiçi mejlisler zalynda sagat 10:00-dan–12:00-a çenli geçiriler.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmekleri, işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklary haýyş edilýär.
Bu barada Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň internet saýty habar berdi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!