Bakuda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetine we BMG-niň «Halkara hukugyň ýyly, 2028» atly Kararnamasyna bagyşlanan maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti we Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama bagyşlanan maslahat geçirildi.
Oňa Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň professor-alymlary, Azerbaýjan Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolup, onuň işiniň döwlet dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmäge, demokratik institutlary ösdürmäge, jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy pugtalandyrmaga hem-de ýurduň durnukly durmuş-ykdysady ösüşine ýardam bermäge gönükdirilendigi bellenildi.
Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň internet saýty habar berdi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!