Bakuda Türki Döwletler Guramasyna agza ýurtlaryň öňdebaryjy seljeriş merkezleriniň maslahaty geçiriler
Baku şäherinde şu ýylyň 16-njy sentýabrynda Türki Döwletler Guramasyna agza ýurtlaryň öňdebaryjy milli seljeriş merkezleriniň II halkara maslahaty geçiriler.
Bu barada Azerbaýjanyň Ykdysady özgertmeleri seljermek we kommunikasiýa merkezi habar berdi.
Maslahaty Azerbaýjanyň Ykdysady özgertmeleri seljermek we kommunikasiýa merkezi Türki Döwletler Guramasy bilen bilelikde guraýar.
Çäre “Türki Döwletler Guramasynyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli geňeşmeler we bilelikdäki barlaglar arkaly berkitmek” diýen mowzuga bagyşlanar.
Maslahata Türki Döwletler Guramasynyň agza we synçy döwletleriniň — Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Wengriýanyň hem-de Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň öňdebaryjy seljeriş merkezleriniň ýolbaşçylary, döwlet edaralarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň, maliýe institutlarynyň we işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşarlar.
Onuň dowamynda orta geçelgäni ösdürmek, ykdysady integrasiýa, söwda we maýa goýumlary, sanly ykdysadyýet, innowasiýalar, emeli aň hem-de durnukly ösüş meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!