Aşgabatda raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär
15-nji awgustda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň gatnaşmaklarynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär.
Bu kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda — Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda, sagat 9:00-dan 12:00-a çenli geçirilýär.
Bu barada “Türkmenistan” gazetinde çap edilen makalada haabr berilýär.
Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!
39-19-20
39-19-21
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!