PFL-däki çempionlyk guşagyny Usman Nurmagomedow üstünlikli goramagy başardy
Garyşyk başa-baş söweş türgeni Usman Nurmagomedow amerikaly Arçi Kolgany ýeňip, Professional Fighters League guramasynyň ýeňil agram derejesindäki çempionlyk guşagyny goramagy başardy.
Nýu-Ýork şäherinde geçirilen duşuşyk ikinji raundda tamamlandy.
Russiýaly türgen Usman Nurmagomedow tehniki nokaut bilen ýeňiş gazandy.
Ýeri gelende bellesek, Nurmagomedow PFL-däki çempionlyk guşagyny ikinji gezek üstünlikli gorady.
Ol bu guşagy geçen ýylyň oktýabrynda irlandiýaly Pol Hýuzy eminleriň karary bilen ýeňip gazanypdy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!