| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 08.08.2026, 12:59 8

Indi Türkmenistanda bolýan daşary ýurt raýatlaryny onlaýn hasaba goýup bolýar

Indi Türkmenistanda bolýan daşary ýurt raýatlaryny onlaýn hasaba goýup bolýar

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda ýurtda bolýan daşary ýurt raýatlaryny hasaba almak üçin onlaýn hasaba alyş ulgamy işlenilip taýýarlanyldy.

Türkmenistanda bolýan daşary ýurt raýatlary we olary kabul edýän fiziki we ýuridik şahslar gullugyň edaralaryna gelmezden, internet arkaly daşary ýurt raýatlaryny hasaba goýup bilerler.

Onlaýn hasaba alyş ulgamy wagtyň tygşytlanmagyna, resminamalary elektron dolandyrmaga we işleri gysga wagtda, ýeňilleşdirilen tertipde amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň internet saýty habar berdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!