«Ýaňlan, Diýarym! — 2026» telebäsleşiginiň Daşoguz welaýaty boýunça tapgyry geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde guralýan «Ýaňlan, Diýarym! — 2026» telebäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi.
Bäsleşige sebitiň şäherlerinde we etraplarynda bolan deslapky gözden geçirilişlerde öňe saýlanan estrada aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy.
Emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, bäsleşikde Akdepe etrap medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi Röwşen Kakaýew hem-de Şabat etrap medeniýet merkezinden çeper höwesjeň Wepa Ýazmyradow hoş owazlary bilen öňe saýlandylar.
Olar, degişlilikde, birinji we ikinji orny eýelediler we bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!