| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 08.08.2026, 11:57 4

Tebigy gözegçiniň bütindünýä güni mynasybetli çäre geçirildi

Tebigy gözegçiniň bütindünýä güni mynasybetli çäre geçirildi
Фото: https://mineco.gov.tm/

Aşgabatda Tebigy gözegçiniň bütindünýä güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň mejlisler zalynda çäre geçirildi.

Duşuşyga ýurduň her bir döwlet tebigy goraghanasyndan hem-de welaýat daşky gurşawy goramak müdirliklerinden tejribeli döwlet gözegçileri çagyryldy.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar tebigaty goramak ugrunda toplan iş tejribeleri bilen paýlaşdylar.

Çäräniň ahyrynda işinde aýratyn tapawutlanan döwlet gözegçilerine gymmat bahaly sowgatlar we şahadatnamalar gowşuryldy.

Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýty habar berdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!