Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow bilen Bütindünýä hökümetler sammiti Guramasynyň dolandyryjy direktory Mohamed Alşarhanyň arasynda duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow bilen Bütindünýä hökümetler sammiti Guramasynyň dolandyryjy direktory Mohamed Alşarhanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar şu ýylda Bütindünýä hökümetler sammitiniň üstünlikli geçirilendigini, oňa Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagyny, şeýle hem türkmen tarapynyň öňe süren we soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan goldanylan başlangyçlary barada bellediler.
Şeýle hem taraplaryň arasynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň mümkinçilikleri hem-de bitaraplyk, durnukly ösüş, ulag we özara baglanyşyk ugurlaryndaky mümkin bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!