Paýtagtymyzdaky Rus öýi çagalary awgust aýynyň maksatnamasyna çagyrýar
Paýtagtymyzdaky Rus öýi 7 ýaşdan uly çagalary awgust aýynyň maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar.
Gatnaşyjylara bilim beriji çäreler, medeni we dynç alyş maksatnamalary, rus dili boýunça duşuşyklar we gyzykly wakalar garaşýar.
Duşenbe, çarşenbe we penşenbe günleri sagat 13:30–16:00 aralygynda «Tomus paslyny Rus öýi bilen geçir» taslamasy geçiriler.
Sişenbe we penşenbe günleri bolsa, sagat 16:00–17:30 aralygynda surat çekmek sapaklary guralar.
Ýazylyşyk şu aşakdaky elektron poçta arkaly amala aşyrylýar: otdel_tm@mail.ru
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!