| Ashgabat | 28°C
Syýasat 07.08.2026, 14:39 8

Türkmen-kuweýt gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryna garaldy

Türkmen-kuweýt gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryna garaldy
Фото: https://tajikistan.tmembassy.gov.tm/

Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Goçmyradow özüniň diplomatik wezipesine girişmegi mynasybetli tanyşlyk sapary bilen gelen Kuweýt Döwletiniň ilçisi Muhammad Raşid Al-Amirin bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-kuweýt gatnaşyklarynyň iki döwletiň Baştutanlarynyň hemişelik ünsi we goldawy netijesinde yzygiderli pugtalandyrylýandygyny bellediler.

Kuweýt Döwletiniň ilçisi Ýakyn Gündogar sebitinde emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, Kuweýtiň raýatlarynyň Türkmenistanyň çäginiň üsti bilen howpsuz üstaşyr geçirilmegini guramakda berlen goldaw üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.

Şunda Türkmenistanyň ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk we konstruktiw halkara hyzmatdaşlygy ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygy aýratyn nygtaldy.

Türkmen tarapy söhbetdeşini 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän çäreler bilen tanyşdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda myhmana türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby gowşuryldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!