Mejlisiň Başlygy ÝB-niň Aşgabatda işini tamamlaýan ilçisi bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berildi.
Durnukly ösüş, energetika, ekologiýa, ylym-bilim, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak ýaly ugurlarda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigine üns çekildi.
D.Gulmanowa ilçi Beata Peksa ýurtda diplomatik wezipede işlän döwründe parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda goşan saldamly goşandy üçin hoşallyk bildirdi.
Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi internet saýtynda habar berildi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!