Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy üç boş iş ornuny yglan etdi
Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy diplomatik wekilhananyň binasynda goragçy wezipesi boýunça üç boş iş ornuny yglan etdi.
Isleg bildirýän dalaşgärler 25–40 ýaş aralygynda bolamaklygy, azyndan orta bilimli, beden we akyl taýdan sagdyn bolmaklygy, türkmen, rus we iňlis dillerini erkin bilmekligi, howpsuzlyk ulgamynda azyndan üç ýyllyk iş tejribesiniň bolmaklygy talap edilýär.
Iş güni 8 sagatdan ybaratdyr.
Goragçynyň esasy wezipelerine çäkleri goramak, gelýänleriň giriş-çykyşyna gözegçilik etmek, goşlary we elektron enjamlary barlamak, şeýle hem ilçihananyň görkezmesi boýunça howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly beýleki işleri ýerine ýetirmekdir.
Dalaşgärler terjimehalyny, iş tejribesi we bilimi baradaky maglumatlary şu aşakdakysalgy boýunça ibermelidirler.
Salgysy: Hindistanyň ilçihanasy, Halkara işewürlik merkezi, Ýunus Emre köçesi 1, Parahat 2/1, poçta gutusy №80, Aşgabat – 744017, Türkmenistan.
Resminamalar şu ýylyň 14-nji awgustyna çenli kabul ediler.
Iş orny baradaky goşmaça maglumatlary iş günlerinde sagat 09:00-dan 13:00-a çenli we 14:00-dan 17:30-a çenli aralykda aşakdaky telefon belgilerine jaň edip ýa-da elektron poçta ýazyp bilerler.
45-61-52
45-61-53
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!