| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 06.08.2026, 18:48 8

Awaza gitjekler awtobus peteklerini onlaýn satyn alyp bilerler

Awaza gitjekler awtobus peteklerini onlaýn satyn alyp bilerler

Aşgabat bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň arasyndaky awtobus gatnawlary üçin petekleri onlaýn görnüşde satyn almak mümkinçiligi döredildi.

Bu ugur boýunça awtobus peteginiň bahasy 100 manatdyr.

Gatnawlar Aşgabat şäherindäki «Wokzal» belleniş nokadyndaky awtoduralgadan her gün irden sagat 06:00 we 06:30-da ugrar.

Yzyna gatnawlar bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Ýelkenli köçesinde ýerleşýän awtoduralgadan sagat 12:00 we 12:30-da amala aşyrylar.

Ýolagçylar awtobusdaky orunlaryň ýerleşişini görüp, öz islegine görä amatly orny saýlap bilerler. Munuň üçin ýolagçynyň şahsy maglumatlaryny, şol sanda adyny we familiýasyny girizmek ýeterlikdir.

Bu hyzmatdan auh.com.tm internet saýtynyň ýa-da «Şäherara bilet» mobil goşundysynyň üsti bilen peýdalanyp bolýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!